MILLILIGIM – MERTEBÄM

     Şu gün Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Mirasym – mertebäm hem-de ýörelgäm» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz hem-de türkmençilik ýol-ýörelgeleri dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

     Şeýle hem çykyş edenler Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerinde, döwrebap binalarynda we olaryň atlarynda ulanylan milli äheňler we ady dakylan taryhy şahsyýetler hem-de alnyp barylan bu işleriň milligimizi goramakdaky, geljekki nesillere ýetirmekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen bellediler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 36 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 187 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 156 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY