HALK BÄHBITLI IŞLER ROWAÇLANÝAR

     Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden wagyz etmek, halk demokratiýasynyň dabaralanmagyna olary işjeň çekmek we nobatdaky maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine ýaşlaryň goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar. Munuň üçin Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylary, aýratyn-da ýaş nesilleri Milli Liderimize hem-de döwlet Baştutanymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Beýzaly ATAÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 36 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 187 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 156 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY