Ýurdumyzda adam we onuň bagtyýar durmuşy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilen. Şoňa laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda beden we sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek möhüm wezipe hökmünde orta çykýar.
Döredilýän şeýle uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi Gahryman Arkadagymyzyň: «Sport türgenleşiklerinde berkän ýaşlar biziň ygtybarly geljegimiziň daýanjydyr» diýýän gymmatly sözlerini ýörelge edinip, ýaş nesilleriň ussat türgenler bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä tanatmaklary ugrunda meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Şeýle işleriň çäklerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlaryň okuwdan we işden boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri we sagdyn durmuş endikleri bilen yzygiderli işjeň meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, köpçülikleýin sport ýaryşlary, spartakiadalar, uniwersiadalar, medeni dynç alyş we ekologiýa çäreleri, beden maşklary, köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar gurnalyp, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanýan üstünlikleri babatynda ýaşlaryň habarlylygyny artdyrmak maksady bilen işler guramaçylykly alnyp barylýar.
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk hem hut şu maksatdan ugur aldy.
Onda çykyş edenler ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin Arkadag şäherinde döredilen döwrebap mümkinçilikler, şäheriň Bedenterbiýe we sport müdirligi bilen bilelikde tassyklanylan düzgünnamalardyr meýilnamalar esasynda geçirilýän çäreler we olaryň netijeleri dogrusynda gürrüňleri etdiler.
Şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ösdürmekde, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde, milli sport oýunlarymyzy dünýä tanatmakda döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.