ÝURDUMYZYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYGY BERKEÝÄR

     Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti dogrusynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Onda beýan edilen täsirli çykyşlarda täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigi, şol strategiýada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda buýsanç bilen aýdyldy.

     Şeýlelikde häzirki wagtda ýurdumyz abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary barha pugtalandyrmak bilen bu ugurda ileri tutulýan ugurlary has-da ösdürýär. Gahryman Arkadagymyzyň ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY