DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

   Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen çäreleriň ähmiýeti dogrusynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar myhman hökmünde gatnaşdylar. Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen duşuşyga şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar ruhubelentlikde gatnaşdylar.

  «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly döredijilik duşuşygynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň medeniýetinde we sungatynda gazanylýan üstünlikler, bu işlere ýaşlaryň gatnaşygy babatynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda döwrümiziň ösüşlerini, baky bagtyýarlygymyzy, buýsançly ýaşlygy, şeýle hem nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny wasp edýän şygyrlar ýerine ýetirildi.

     Turuwbaşdan täsirli geçen döredijilik duşuşygy oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY