GYMMATLY TAPYNDYLAR – TARYHYMYZY ÖWRENMEGIŇ GYMMATLY SALGYSY

     Düýn Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde geçirilen medeniýet hepdeliginiň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem bu dabaraly çäreleriň çäklerinde şäheriň muzeýine tabşyrylan altyn, kümüş teňňeleri we beýleki tapyndylaryň taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasarynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiriniň bilelikde eden söhbetdeşliginde bular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

     Olarda bellenilişi ýaly, Demirgazyk Türkmenistanyň çäginde — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Döwkesen we Sarygamyş oba geňeşliklerinde ýerli ýaşaýjylar Annamuhammet Durdyýew we Bibijemal Berdigylyjowa tarapyndan tapylan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Munuň özi muzeýiň gymmatly gaznasyny has-da baýlaşdyrdy.

     Bellenilişi ýaly, bu teňňeler köneürgençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr diýlip çaklanylýar. Türkmenistanyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, teňňelerde Amyderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşýän kuwwatly türkmen döwletine ýolbaşçylyk eden Horezm hökümdarlarynyň — Tekeşiň we Ala-ad-Diniň atlary ýazylypdyr.

     Şeýle gymmatly hazynany tapyp, taryhy tapyndylaryň gaznasynyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary Annamuhammet Durdyýewe hem-de Bibijemal Berdigylyjowa hoşallygyň nyşany hökmünde gymmat bahaly sowgatlar — ýurdumyzda öndürilen häzirki zaman telewizorlary gowşuryldy.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 70 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 77 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR

10 Sentýabr 2024 | 60 okalan

BAGTYÝARLYGYŇ WASPY BEÝAN EDILDI