AHLAK ARASSALYGY UGRUNDA

     Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Akademiýanyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň esasy maksady ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmekden, talyp ýaşlara internet torunda howpsuzlygy berjaý etmegiň düzgünlerini düşündirmekden, olaryň aňyna ters täsir edýän maglumatlaryň ýaýradylmagy bilen bagly hukuk bozulmalaryň öňüni almakdan ybarat boldy.

     Çykyş edenler şular dogrusynda täsirli gürrüňleri edip, ýaş nesillere sanly ulgamyň mümkinçiliklerini, aýratyn-da internet torundan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny maslahat berdiler. Şeýle hem döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 22 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 153 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 146 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY