WATANYMYZYŇ DÖREDIJILIK KUWWATY – HALKYMYZYŇ BAGTYÝAR DURMUŞYNYŇ BINÝADY

     Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň bilelikde gurnamagynda «Watanymyzyň döredijilik kuwwaty – halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

     Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de çözgütleri kabul etmäge jemgyýetimiziň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, biziň ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň girewi bolan agzybirligi, jebisligi has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararydan gelip çykýan wezipeler barada durlup geçildi.

     Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde geçiriljek döwletli Maslahat täze taryhy döwürde gazanylan üstünlikleriň netijeleri jemlenjekdigi, şeýle-de ýurdumyzyň ählumumy ösüşlerini mundan beýläk hem ilerletmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak barada welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp, il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlaryň we döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigi barada maslahatda çykyş edenler bellediler we häzirki ajaýyp döwürde türkmen halkynyň agzybirligini pugtalandyrmakda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik ýörelgelerini häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkitmekde dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de täze taryhy eýýamda bu ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak, mertebeli başlarynyň belent, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY