Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň häkimligi, welaýat polisiýa müdirligi, şäher prokuraturasy, TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat teleradio studiýasy, “Daşoguz habarlary” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Daşoguz şäher AweKÝGGG-nyň işgärleriniň gatnaşmagynda “Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty – halkymyzyň durmuş goraglylygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Her ýylyň ilkinji günlerinde badalga berlip, ýylyň ahyrky günlerine çenli dowam edýän wagyz-nesihat maksatly bu çäre elmydama ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär hem-de netijeli häsiýete eýe bolýar. Edara-guramalaryň wekilleri duşuşyklarda ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti hem-de bu ýörelgäni her bir adamyň durmuşyna ymykly ornaşdyrmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesilleri halallyga uýýan, mert-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, terbiýeçilik işiniň ähmiýeti we onuň berýän netijeleri, ynsanperwer ýörelgeler, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin belläp geçýärler. Şeýle-de, sorag-jogaplar alşylýar hem-de ýerlerden teklipler öwrenilip, ýokary guramalara ýetirilýär.
Bu wagyz-nesihat duşuşygynda hem şeýle mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.