MAŞGALA GYMMATLYGY WAGYZ EDILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi bilen bilelikde, Daşoguz şäher häkimliginde gelin-gyzlaryň arasynda maşgala gymmatlygyny hem-de milli däp-dessurlarymyzy wagyz emek maksady bilen, «Zenanlar – maşgalanyň synmaz sütünidir» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda edilen çykyşlarda asyrlar aşyp gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, asylly däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, maşgala mukaddesligi, gelin-gyzlaryň edep-ekramy, ahlak arassalygy, sagdyn durmuş kadalary, zähmetsöýerlik dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY