Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zähmet netijeleriniň ýokarlanmagynda, her bir şahsyýetiň bagtyýar durmuşyna badalga bolýar. Çünki, eziz Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Milletimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakyndaky alada Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan parasatly işleri barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar çagalaryň saglygy barada edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ajap BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.