MAŞGALA MUKADDESLIGI – DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde zähmet çekýän bilim işgärleriniň arasynda «Maşgala mukaddesligi –döwletliligiň gözbaşy» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda ýurdumyzda her bir maşgalanyň agzybir, asuda, bagtyýar ýaşamagy üçin döredilýän şertler, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiz, maşgala mukaddesligi, perzent terbiýesi dogrusynda çykyşlar edildi. Mundan başgada durmuşda öz ornuňy tapmak, ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine ygrarly bolmak, kämil maşgalany kemala getirmek, sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak barada hem aýratyn nygtaldy.

     Dabaranyň ahyrynda halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

 

Serdar MYRADOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR