Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sporty ösdürmekde we ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli beden taýdan sagdyn terbiýelemekde bimöçber aladalar edilýär. Ýaşlara kämil terbiýe bermegiň binýady hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyza daýanmak, ahlak gymmatlyklarymyza esaslanmak, bilim we terbiýeçilik işleriniň döwür bilen sazlaşykly ösmegini gazanmak häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzda döwrebap bilimli nesli kemala getirmekde, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamakda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we halk pedagogikasynyň baý mirasyna aýratyn daýanylýar. Şeýle hem ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Biz hem bu ugurda öňümizde duran wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmek maksady bilen ýakynda Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebinde sport çärelerini geçirdik. Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen «Sport—ýaşlaryň gujurly güýji» diýen at bilen guralan bu çärelere etrabymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýan ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Futbol, tennis, agyr atletika boýunça geçirilen bäsleşikler ýurdumyzda sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň gün-günden artýandygyny ýene bir gezek görkezdi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Melike ROZYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.