Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we ählumumy derejede giň gerimli hyzmatdaşlyga giň ýol açýar, halkara guramalary bilen netijeli dialogy pugtalandyrýar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygider gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Şunuň bilen bilelikde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklar biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Biz bu hakykata Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» formatly sammitiniň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyzyň Astana sammitinde eden taryhy çykyşyndan hem belleýşi ýaly, ýurdumyz gurama girýän döwletler bilen çuňňur taryhy we medeni gatnaşyklar, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyşlar baglanyşdyrýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň geljegini ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýetiň Astana şäherinde döredijilik saparynda bolmaklary iki dostlukly ýurduň medeni gatnaşyklarynda täze sahypalary açdy.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.