Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Halk maslahaty – döwletli maslahat» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Dürli ulgamda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek we bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň ýokary derejede alnyp barylýandygy, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasatyň türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilikler berýändigi dogrusynda buýsanç bilen bellendi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň baş hünärmeni.