HALK MASLAHATY – DÖWLETLI TUTUMLARYŇ GÖZBAŞY

     Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi barada şele hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar köşgünde 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi görülýän taýýarlyk barada gürrüňler edildi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Merdan ORAZOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 29 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 47 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 51 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI