Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi — iň ajaýyp başdan geçirmeleriň mekany. Bu gözel künjek dynç alýan çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümi turuwbaşdan ýatdagalyjy pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Körpe nesillerimiz özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli ýaryşlara we özleriniň höwes edýän gurnaklaryna işjeň gatnaşýarlar.
Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Bu ajaýyp künjekdäki merkezlerde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary çagalaryň her bir gününi şatlykly pursatlara beslemek maksady bilen dürli çäreleri guraýarlar. Şeýle aýdym-sazly sport çäreleriniň biri ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň guramagynda geçirildi. «Ýaşlyk » çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen sport çäresinde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Şadyýan körpeler sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlaýyn we ýekebara görnüşde özara bäsleşdiler. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde şeýle çäreleriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýörite meýilnama esasynda yzygiderli geçirilmegi tomus paslynda çagalaryň şadyýanlygyny artdyrýar. Dynç alýan körpeler bolsa, tebigat bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, ajaýyp duýgulary başdan geçirýärler. Munuň özi ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň dynç almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr.
Körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.