SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, TDP-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Biz bagtyýar nesiller» ady bilen sport çäresi geçirildi. Çärede körpeler toparlara bölünip sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşdylar we çalasynlyklaryny, ugurtapyjylyklaryny görkezdiler. Işjeň gatnaşan we ýeňiji bolan toparlara bolsa TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan körpeler özlerine döredilýän mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Merjen JUMAMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 29 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 47 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 51 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI