Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda, Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýangyna garşy göreşmek maksady bilen etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde ýerine ýetirilmeli düzgünler, ýangynyň döremeginiň sebäpleri, onuň ýüze çykan halatynda ýerine ýetirilmeli işler, ýüz tutulmaly gulluklar dogrusynda çykyş etdiler, şeýle hem halkymyzyň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Serdar NAZAROW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.