Ýakynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda, şol mekdebiň mugallymlarynyň hem-de etrabyň çägindäki çagalar bagynyň işgärleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Aşgabat şäher PM-niň ÝHB-niň 103-nji HÝHB-niň müdirliginiň, Köpetdag etrap polisiýa bölüminiň Derňew bölümçesiniň, «Aşgabatgaz» müdirliginiň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Çäräde çykyş edenler ýangyn howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek, ýangynyň döremeginiň sebäpleri, onuň ýüze çykan halatynda edilmeli işler, şeýle hem öýlerde elektrik enjamlaryny dogry ulanmaklyk barada täsirli gürrüň berdiler.
Çykyşlaryň her birinde halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagy, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Ogulbibi MESKUTOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgamy boýunça esasy hünärmeni.