Ýaňy-ýakynda şeýle ajaýyp şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrapdaky «Nur» söwda we dynç alyş merkezinde aýdym-sazly gezelenç çäresini geçirdi. Tomus paslynyň dowam edýän döwründe çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň wagtlaryny şadyýan, gyzykly pursatlara baý görnüşde geçirmeklerini gazanmak maksady bilen guralan çärede etrabyň çägindäki çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler merkeziň ýörite çagalaryň dürli oýunlary oýnamaklary üçin niýetlenen eýwanynda öz wagtlaryny şadyýanlykda geçirdiler. Bu ýerde çagalar üçin gyzykly oýunlar guraldy. Olara doňdurma we süýjüler hödür edildi. Şonuň ýaly-da, gezelenji Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlary özleriniň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen bezediler.
Aýdym-sazly gezelenç çäresine gatnaşyjylar körpe nesilleriň ajap eýýamda, bagtyýarlygyň goýnunda oýnap-gülmekleri, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, sagdyn ösmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.