SPORT — SAGDYNLYGA BADALGA

     Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, raýatlaryň saglygyny berkitmäge, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen işler döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Biz hem bu ugurdaky işlerden ruhlanyp ýaşlaryň arasynda sport çärelerini we ýaryşlary yzygiderli geçirmegi dowam etdirýäris. Golaýda Türkmenabat şäherindäki «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda guran sport ýaryşlarymyz hem hakyky sport baýramçylygyny emele getirdi. Sportuň dürli görnüşleri we türkmen milli oýunlary boýunça geçirilen ýaryşlarda ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Biri-birinden, başarjaň, ökde we erjel oglan-gyzlar jemgyýetimizde sporty hemişelik hemra edinen ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezdi.

     Ýaryşlar bu ýerde dynç alýan çagalaryň ruhubelentligini we şähdaçyklygyny has-da artdyrdy. Şeýle hem dynç alyş merkezinde guralan sport ýaryşlarynyň dowamynda ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa edildi. Sport ýaryşlarynyň ahyrynda üstünlikli çykyş edenleri TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylagladyk.

 

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 25 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5956 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER