HALK – DÖWLET HÄKIMÝETINIŇ GÖZBAŞY

     Halkymyzyň eşretli durmuşynyň, döwletli döwranynyň açyklyk hem-de aýanlykda, halkyň dürli kärdäki we ýaşdaky wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, etrap, şäher, welaýat Geňeşleriniň, şol bir wagtda-da Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hünärmenleriniň  we agzalarynyň gatnaşjakdygy ýaşlarymyzyň jemgyýetde we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Şonuň esasynda hem şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýän bu döwletli maslahatyň işiniň guralyşy, şeýle hem bu ýokary wekilçilikli edaranyň ygtyýarlyklary barada giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen degişli işler ýaýbaňlandyrylýar.

     Şeýle çäreleriň biri-de şu gün Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde  Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda «Täze belentlikleriň ýoly» atly şygar astynda geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden wagyz etmek, halk demokratiýasynyň dabaralanmagyna olary işjeň çekmek we nobatdaky maslahatyň guramaçylykly geçirilmegine ýaşlaryň goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden halk häkimiýetliliginiň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar. Munuň üçin Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylary, aýratyn-da ýaş nesilleri Milli Liderimize hem-de döwlet Baştutanymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY