HALK MASLAHATY - HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI

     Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu günler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarydyr syýasy partiýalary tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini giňden wagyz etmek, bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine her bir adamyň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri, maslahat duşuşyklary yzygiderli guralýar.

     Şeýle çäreleriň biri-de şu gün Arkadag şäheriniň Gurluşyk toplumunda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. «Halk Maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» ady bilen geçirilen bu maslahatda dürli ulgamlardan gelen wekilleriň çykyşlary diňlenildi. Olarda türkmençilik ýol-ýörelgeleri esasynda geçirilýän Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, döwrebap mümkinçilikleri, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda buýsançly gürrüňleri edildi. Şeýle hem halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi

 

Mämmedali ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 75 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 77 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR

10 Sentýabr 2024 | 61 okalan

BAGTYÝARLYGYŇ WASPY BEÝAN EDILDI