ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANDY

     Şu gün  Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda   Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler boýunça «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, aýratyn-da bilim-terbiýeçilik edaralary, olaryň ýaşlara döwrebap bilim bermekdäki ähmiýeti, ýaş nesilleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň rowaçlygyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen öňde durýan wezipeler babatda täsirli gürrüňler edildi.

 

Mämmedali ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 70 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 77 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR

10 Sentýabr 2024 | 60 okalan

BAGTYÝARLYGYŇ WASPY BEÝAN EDILDI