YLYM-BILIM – TÄZELENIŞIŇ, ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÇEŞMESI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar.

     Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine ähli zerur şertler bar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaga ähli şertler döredilýär.

     Häzirki wagtda 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Hut şol maksatdan ugur alyp, şu gün Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň maslahaty ýokary guramaçylykly geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Pyragynyň arzuwlan zamanasynda geçirilen maslahata Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Beýzaly ATAÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 70 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 77 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR

10 Sentýabr 2024 | 60 okalan

BAGTYÝARLYGYŇ WASPY BEÝAN EDILDI