Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli yhlasyndan kemal tapan ajaýyp Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk işleri geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda şäheriniň häkimliginiň, syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginde halk bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşyk, belent sepgitler şeýle-de gazanylan üstünlikleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek, jemgyýetde milli demokratik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda ýaşlaryň goşant goşmaklaryny gazanmak, döwlet bilen jemgyýetiň jebisliginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň wajyp ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde birnäçe giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, her bir alnyp barylýan işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändigine bolan buýsançlaryny beýan etmek bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür we belent işlerinde diňe rowaçlyklary arzuw etdiler.
Beýzaly ATAÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.