Golaýda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, şeýle-de çagalaryň dil öwrenmek ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynda körpejeleriň arasynda «Dil bilen dünýäni gezer” ady bilen dürli dillerde goşgy aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige çagalar baglaryna gatnaýan çagalar hem-de olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Dürli dillerde şygyr aýtmak boýunça geçirilen ýaryşda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň wekilleri we daşary ýurt dilinden bilim berýän bilim işgärleri adalatly eminlik etdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň dowamynda körpeler dürli dillerde öwrenen goşgularyny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Çykyşlar çärä gatnaşyjylar tarapyndan örän gyzgyn garşylandy.
Körpeleriň bagtyýar çykyşlarynda ata Watanymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy belentden ýaňlandy. Biri beýlekisinden täsirli edilen çykyşlar bu çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpelere dürli dilleri öwretmek babatda alnyp barylýan okuw-usuly işleriň kämil derejede alnyp barylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ýeňiji bolan körpelere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwrenmek babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jeýhun BAÝRAMDURDYÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.