TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ KÄMIL NUSGASY

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Mary welaýat kitaphanasynda maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýatynyň etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem-de Ilkinji Ýaşlar guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen guralan maslahat duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow alyp bardy.

     Uly ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Häzirki wagtda hem giň wekilçilikli bu umumymilli foruma görülýän taýýarlyk işleri baradaky joşgunly gürrüňler bolsa, çykyşlarynyň özenini düzdi.

     Şeýle hem çykyşlaryň her birinde türkmen halkyny baky bagtyýarlyga eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.