Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik duşuşygy hem täsirli boldy. «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» ady bilen geçirilen duşuşyga kitaphana işgärleri hem-de kitap okamaga höwesli ýaşlar gatnaşdylar.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guralan döredijilik duşuşygynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlary kitaphanalara giňden çekmekde, olarda kitaba bolan çuň höwes döretmekde hem-de bagtyýar ýaşlaryň arasynda kitaphana medeniýetini wagyz etmekde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada aýratyn durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň her biriniň türkmen ýaşlary üçin nusgalyk mekdepdigi we ýol görkeziji şamçyragdygy baradaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.
Uly täsirlere beslenip geçen çärä gatnaşanlaryň her biri türkmen ýaşlarynyň erkana ýaşamagyna, yhlasly okamagyna we gurmagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Laçyn KAKAJANOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň müdiri.