Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem bu şanly senä bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, Ilkinji Ýaşlar guramalaryň işjeň agzalary we kitaphana ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek, bu umumymilli forumyň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen guralan wagyz-nesihat duşuşygy «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler – röwşen geljegiň hatyrasyna» ady bilen geçirilip, onda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir gününiň aýratyn wakalara beslenýändigi, şeýle taryhy wakalaryň birine öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem milli demokratiýamyzyň asylly däpleriniň dowamat dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň bagtyýarlygyny berkarar etmekde döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirildi.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Hojaberdi BABAÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.