Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Golaýda Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge we Wekilbazar etrap Geňeşleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Äleme meşhurdyr Garaşsyz Diýar, Berkarar döwletde ýaşlar bagtyýar» ady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata Watana wepaly, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işleriň bimöçberdigi barada joşgunly çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan geçirilýän dürli döredijilik bäsleşikleriň, sport çäreleriň, halypa-şägirtlik hem-de wagyz-nesihat duşuşyklaryň ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň watansöýüji we ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedigini buýsançly bellediler.
Täsirli geçen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň dowamynda ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak-da alnyp barylýan işler babatda aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşanlaryň her biri ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Suraý BABANYÝAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.