Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle aladalara jogap edip, ýaşlarymyzyň sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmakda Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän sport çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Golaýda Türkmengala etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminde geçirilen sport çäresi hem diýseň täsirli boldy. Sportuň futzal görnüşi boýunça geçirilen ýaryş «Sagdyn nesil – bagtyýar durmuş» diýlip atlandyrylyp, ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde guradylar.
Ýaşlarda sporta bolan höwesi artdyrmak hem-de olary bu babatda kämilleşdirmek maksady bilen guralan özara ýaryşyň başynda joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda türkmen sportuny täze üstünliklere sary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de nusgalyk göreldesi bilen bagtyýar ýaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine çagyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Soňra bäsleşige badalga berildi.
Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşda sport mekdebine gatnap, ussatlyk sapaklaryny ele alýan ruhubelent ýaşlaryň ezber oýunlary olaryň sportuň futzal görnüşi boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ýeňiji bolan toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Rahym GARLYÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.