Sagdyn durmuş ýörelgesi asuda Diýarymyzda türkmen halkyny, ylaýta-da bagtyýar ýaşlary jebisleşdirmäge we olary ählitaraplaýyn kämil ynsanlar edip ýetişdirmäge ýakyndan ýardam berýär.
Hut şu nukdaýnazardan, ýaňy-ýakynda Ýolöten etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminde türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda geçirilen sport çäresi «Sagdyn nesil – sagdyn ruh» diýlip atlandyryldy. Oňa bedenterbiýe we sport bölümine gatnaýan ruhubelent ýaşlar gatnaşdylar.
Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň arasynda sporty ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýän bagtyýar ýaşlar ýaryşa höwesli gatnaşmak bilen, türkmen milli oýunlarynyň tanap çekmek görnüşi boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Netijede, «Ruhubelentlik» we «Berkararlyk » atly iki topardan ybarat bolan ýaryşda «Berkararlyk» topary üstün çykdy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sona NURALYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.