Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda durnukly bilim we döwrebap terbiýe bermekde tutumly işler alnyp barylýar. Çünki, bilim merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden hem-de nesilden-nesle geçirip gelen iň gymmatly baýlygydyr. Şu jähetden, her ýylyň awgust aýynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary we maslahaty ýokary guramaçylykda geçirilýär. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bolsa, pedagogik işgärleri, esasan-da ýaş mugallymlary röwşen geljegimiziň eýeleri bolan, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde has-da ähmiýetlidir.
Ýaňy-ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirligiň guramagynda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde geçirilen maslahat has-da täsirli boldy. Oňa welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergini synladylar. Soňra maslahatyň dabaraly açylyşy bolup, onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly ak mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň açylyp ulanylmaga berilýändigi we olaryň sanynyň barha artmagynyň ýaşlar barada edilýän aladanyň çäksizdigi barada buýsançly bellenildi.
Şeýle hem netijeli zähmet çeken bilim işgärlere we ýaş mugallymlara Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.