TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň muzeýine gezelenç çäresi guraldy.

     Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýaşlaryň boş wagtlaryny täsirli geçirmeklerini gazanmak, olaryň medeni we taryhy ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelenç çäresi «Milli miras – terbiýäniň özeni» ady bilen geçirilip, oňa dynç alyş möwsüminde dynç alýan ýaşlaryň ençemesi gatnaşdylar.

     Işjeň häsiýete eýe bolan gezelenjiň barşynda joşgunly çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň medeni mirasyny we taryhy ýadygärliklerini öwrenmek, olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekde alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler, şeýle hem halkymyzyň taryhy gymmatlyklary, milli däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Gezelenjiň dowamynda çagalar ady agzalan mekdebiň muzeýinde ýerleşdirilen tapyndylar we halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Bu bolsa, tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy.

     Şeýle hem gezelenje gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasyny giňden öwrenmekde we ony wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýtdylar.

 

Ogulnur ÖWEZBERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.