Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň sagdyn durmuşa eýerip, abadan we eşretli ýaşamagy ugrunda döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şu jähetden, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatymyzda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Golaýda Ak öý binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. «Älem-jahan telwasynda, belent şanlar sende Watan» ady bilen geçirilen duşuşyga kalplary Watan söýgüsinden doly ýaşlar gatnaşdylar.
Täsirli geçen söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu ugurda ýokary sepgitlere ýetilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Soňra, türkmen halkynyň, ylaýta-da ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryna, saglygyny berkitmeklerine amatly şertleriň döredilýändigi, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan geçirilýän dürli çäreleriň ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent we ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedigini buýsançly bellediler.
Duşuşygyň dowamynda lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň adam saglygyna ýetirýän peýdasy dogrusynda ýerine ýetirilen buýsançly çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem döwletli döwranly döwürde eşretli ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.