HALKYMYZ BAGTYÝAR, ÝOLLARMYZ ÝAGTY, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ BERDI BU BAGTY

     Golaýda şeýle şygar bilen Mary welaýat myhmanhanasynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýatynyň Adalat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ady agzalan guramalaryň wekilleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri hem-de Ilkinji Ýaşlar guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen guralan maslahat duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary derejelere çykarmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň ýokary derejede alnyp barylýandygy dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlaryň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine, bu umumymilli forumyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle-de, geçiriljek mejlisde häzirki talaplardan we täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, taryhy döwrümizde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny bellediler.

     Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Batyr GURDOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar