TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMAGY

     Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şatlykly günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylyp, etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

     Şu nukdaýnazardan ýaňy-ýakynda bu şanly sene mynasybetli Mary welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum we Murgap etrap Geňeşleriniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli boldy. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ruhubelentlikde gatnaşdy.

     «Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar, taryhy seneler il-günümiziň, ylaýta-da ýaşlarymyzyň guwanjyny goşalandyrýandygy barada joşgunly çykyş etdiler. Çykyş edenler häzirki günlerimizde hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygy, bu umumy milli forumynyň taryhy ähmiýeti, taryhy maslahata gatnaşjak wekilleri hödürlemek işleriniň giň gerimde geçilýändigini buýsançly bellediler.

     Şeýle hem söhbetdeşlige gatnaşanlaryň her biri eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere, täze ýeňişlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Sülgün AGAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar