DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleridir, maslahat duşuşyklary bilen utgaşýar.

     Golaýda şeýle çäreleriň biri Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hem geçirildi. Ýolöten etrabynyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän bagtyýar  ýaşlar gatnaşdylar.

     Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda milli demokratiýamyzyň dabaralanmasyna öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar barada joşgunly çykyşlara giň orun berildi. «Geňeşli ýurt salamat» diýen ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändigi, şunuň bilen baglylykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi baradaky buýsançly gürrüňler maslahatyň dowamynda edilen çykyşlardan eriş-argaç bolup geçdi.

     Işjeň ýagda geçen maslahatyň dowamynda türkmen halkyny ak daňlara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

 

Jennet ORAZOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar