Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasyna guralan gezelenç çäresi bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlara täsirli duýgulary bagyş eýledi.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini durmuşa geçirmek maksady bilen guralan gezelenç çäresinde ýaşlar kitaphananyň dürli bölümleri bilen içgin tanyş boldular. Kitaphananyň Galkynyş, ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otaglary, şeýle hem taryhy muzeýi oňa gatnaşan ýaşlarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy.
Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Gezelenç çäresine gatnaşanlaryň her biri ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýa AKMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.