WAGYZ-NESIHAT IŞLERI GIŇ GERIME EÝE BOLÝAR

     Türkmençilikde gyz edebine üns bermek wajyp mesele hasaplanylýar. Şonuň üçin-de häzirki wagtda etrabymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda Ýolöten etrap zenanlar bölümi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar.

     Golaýda şeýle çäreleriň biri Ýolöten etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Ýolöten etrap häkimliginiň, etrap zenanlar bölüminiň, etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda-da geçirildi. Oňa ady agzalan guramalaryň wekilleri we gelin-gyzlar gatnaşdylar.

     Gyz-gelinleriň arasynda maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny, gyz-gelinlere ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresinde maşgala bagtyýarlygynyň zenanlarymyza baglydygy, öý-ojagyň mukaddesligi we zenanlaryň ahlak terbiýesi barada giňişleýin durlup geçildi. Çäräniň dowamynda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, nesil-terbiýesine, gaýyn-gelin we ýeňňe-baldyz gatnaşyklaryna ähmiýet bermek dogrusyndaky täsirli gürrüňlere aýratyn ähmiýet berildi.

     Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň äze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar