Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmegiň meselesine hemişe uly üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilip, ýaşlarda sporta we bedenterbiýä höwes döretmek möhüm meselelerimiziň biri bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan, golaýda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek hem-de ýaş nesliň sporta, bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşik geçirildi. «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen geçirilen bäsleşige sporta höwesli ruhubelent ýaşlar gatnaşdylar.
Ýaşlarda sporta bolan höwesi artdyrmakda we olaryň sport ussatlyklarynyň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň başynda oňa gatnaşýan ýaşlara şowlulyk arzuw edildi. Soňra bäsleşige gatnaşýan ýaşlar stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça özleriniň ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşige birkemsiz taýýarlykly gelen ruhubelent ýaşlar ýokary netijeleri görkezip, olar sagdyn durmuş ýörelgelere eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdiler.
Şeýlelik-de bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şarifa AZAMOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.