MAGTYMGULY PYRAGY – ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ USSADY

     Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmengala etrap Ýaşlar guramasynyň, etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. «Magtymguly Pyragy – şygryýet äleminiň ussady» diýlip atlandyrylan dabaraly maslahata ady agzalan guramalaryň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar we Ilkinji Ýaşlar guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa hem-de onuň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti, şeýle hem şygyrlarynyň ýaş nesillere edep-terbiýe bermek babatdaky täsirli ýol-ýörelgedigi aýratyn nygtaldy. Maslahatyň dowamynda türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Bilbil JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 0 okalan

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

08 Iýul 2025 | 19 okalan

ZEMINE ÝAŇ SALSYN ÇAGA GÜLKÜSI

08 Iýul 2025 | 14 okalan

ÖSÜŞLI MENZILLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY