SPORTUŇ BOKS GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

     Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji sport mekdebiniň bilelikde guramagynda sportuň boks görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Uly ruhubelentlikde geçirilen bäsleşige ady agzalan sport mekdebinde tälim alýan okuwçylar işjeň gatnaşdylar.

     Bäsleşigiň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň hünärmenleri hem-de etrabyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sportunyň at-abraýyny has-da belende götermek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, şeýle hem sagaldyş çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda aýratyn nygtaldy. Soňra ýaş türgenlere uly üstünlikler we şowlulyk arzuw edilip, bäsleşige badalga berildi.

     Özara geçirilen ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi boýunça ezberler öňe saýlandylar. Ýaş boksçularyň bu üstünligi olaryň sportuň bu görnüşi boýunça barha kämilleşýändiklerini ýene bir gezek subut etdi.

     Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Orazjemal BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar