Häzirki günlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň guwançly wakasyna öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek işleri işjeň häsiýete eýe bolup, şu wajyp mesele bilen bagly işlere biziň etrabymyzda-da uly ähmiýet berilýär.
Golaýda bu şanly senä bagyşlanyp Baýramaly şypahanasynda dabaraly maslahat geçirildi. Baýramaly etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat «Röwşen geljege tarap rowaç gadamlar» diýlip atlandyrylyp, oňa ýaşuly nesliň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek we bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guralan maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlaryň başynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejelere çykarmaga gönükdirilýän maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Aşgabat şäherimizde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýratyn nygtaldy. Häzirki günlerimizde maslahata görülýän taýýarlyk işleri welaýatymyz bilen bir hatarda, etrabymyzyň çäginde geçirilýän çäreleriň hem giň gerime eýe bolýandygy baradaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşanlarda ýakymly duýgulary bagyş eýledi.
Şeýle hem maslahatyň ahyrynda eziz Diýarymyzy ösüşlerden-ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Aýgül DODYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.