DÖREDIJILIGE HÖWESLI KÖRPELER SURAT ÇEKMEKDE BÄSLEŞDILER

     Çagalaryň iň arzyly islegleriniň we arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda körpe nesliň döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýän aýdym-sazly dynç alyş çäreleridir, bäsleşikleri giň gerime eýe bolýar.

     Şeýle çäreleriň biri şugün Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 6-njy çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda geçirildi. Surat çekmek boýunça geçirilen özara bäsleşik «Hünärli gollar» diýlip atlandyrylyp, onda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hünärmenleri, ady agzalan çagalar bagynyň terbiýeçileri adalatly baha berdiler.

     Ösüp gelýän çagalary döredijilige ugrukdyrmak, olarda zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak we körpe nesliň surat çekmeklige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige bagtyýar çagalar özleriniň güneşli Diýarymyzy, ajaýyp tebigatymyzyň gözelliklerini we bagy-bossanlygy wasp edýän suratlaryny hödürlediler. Olaryň ýerine ýetiren surat eserleri körpe nesilleriň döredijilige bolan söýgüsini has hem artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

     Netijede, ýaşajyk suratkeşleriň ýerine ýetiren işlerine emin agzalary tarapyndan mynasyp baha berlip, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

     Bäsleşige işjeň gatnaşan körpe nesiller ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulbibi NURYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Murgap etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar