WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy bilen bagly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu wezipäniň esasy maksady bolsa, sagdynlygyň we ruhubelentligiň, ahlaklylygyň we arassalygyň hemmelere baş ýörelge bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

     Şu jähetden, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda etrabyň Serhetabat şäheriniň Pensiýa gaznasy bölüminde «Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna şol bölümde zähmet çekýän ýaşlar ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilen degerli işleriň giň gerime eýe bolýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şunuň bilen baglylykda, gürrüňi edilýän mesele babatda ýaşlaryň arasynda geçirilýän işleri hemişe üns merkezinde saklamagyň derwaýysdygyny nygtadylar.

     Duşuşygyň dowamynda türkmen halkymyzyň geçmişde hem sagdyn durmuşy ündäp, ýaramaz endikleri ýazgarandyklary, bu hakykata bolsa nusgawy şahyrlarymyzyň, hususan-da, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem göz ýetirmek bolýandygy baradaky joşgunly çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.

     Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Täzegül ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar