DILIM BAR – DÜNÝÄM BAR

     Ýurdumyzyň ýaşlarynyň sowatly, giň dünýägaraýyşly, kämil nesiller bolup ýetişmegi üçin ençeme şertler döredilýär. Golaýda Sakarçäge etrabynyň 1-nji çagalar bagynda çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem dil öwrenmek ukybyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan şol çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda «Dilim bar – dünýäm bar» ady bilen daşary ýurt dillerinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi.

     Bäsleşige tomaşa etmäge şol baga gatnaýan körpeler bilen birlikde olaryň ene-atalary hem gatnaşdylar. Bäsleşikde etrabyň bilim bölüminiň hünärmenlerinden düzülen hünärmenler topary eminlik etdi. Bäsleşigiň dowamynda zehinli körpeler dürli dillerde birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler. Sazlaşykly ýerine ýetirilen aýdymlaryň körpeleriň bu ýaryşa uly taýýarlykly gelendigini subut etdi. Şowhunly aýdymlarda Berkarar döwletimize, bagtyýar zamanamyza buýsanç duýgulary beýan edildi. Bäsleşikde çykyş eden körpe nesliň wekilleriniň çykyşlary joşgunly pursatlara baý boldy.

     Ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň dürli dillerde ýerine ýetirilendigine garamazdan, olarda dost-doganlyk alamatlaryny duýmak boldy. Çünki aýdym-saz haýsy dilde ýaňlansa-da, ol diňleýjä düşnüklidir. Çagalar bagyna gatnaýan körpeler ýaryşyň dowamynda dürli dillerdäki aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem çagalaryň dil öwrenmek ukybyny kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Gülüstan NURYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 49 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6282 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ