Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda bedew batly gadamlar bilen aýdyň geljegi nazarlaýan ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ata Watanymyzyň şöhratly geljegini giň dünýägaraýyşly, watansöýüji we aň-düşünjeli nesil bilen baglaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdeplerdir, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasy bolan Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýagty otagly ak mekdeplerimiz öz gujagyny okuwçylara giňden açyp, olary mähirli garşylady. Şu buýsançly gün mynasybetli täze mekdep binalaryň ençemesiniň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy.
Buýsançly wakanyň dabarasy Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň täze binasynyň açylyşy bilen utgaşdy. 500 orunlyk, iki gatdan ybarat döwrebap mekdebiň binasy täze okuw ýylyna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Dabara Mary welaýat häkimliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalaryň we bilim ulgamynyň işgärleri , hem-de mekdep okuwçylar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler ýygnananlary täze mekdebiň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermekde netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda açylyp ulanylmaga berilýän, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, giň we ýagty otagly ak mekdepleriň we döwrebap çagalar baglarynyň sanynyň barha artmagynyň ýaşlar hakynda edilýän aladalaryň çäksizdigi barada buýsançly bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda ýaş nesilleriň ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri babatda beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Soňra aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Aýdym-sazlaryň şirinden şirin owazy, tansçylaryň şowhunly çykyşlary ýygnananlarda ýokary ruhubelentligi döretdi.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.